üňmek işlik

Üýşüriligi duran zadyň içini köwmek, oýmak.

  • Düýeleriň birnäçeleri küdäniň içini üňüp kellelerini sokup, nebsewürlik bilen ýandak gemirýärdiler. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem üňmek - üňdüm, üňdüň, üňüpdir.