üýtgetmek işlik

  1. Başga görnüşe salmak, üýtgeýşe sezewar etmek, owalkydan başga hala geçirmek, özgertmek.

    • Ol kararynyň soňuny üýtgetdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Biriniň ýa-da bir zadyň ýerine başga birini ýa-da bir zady goýmak, çalşyrmak, täzelemek.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem üýtgetmek - üýtgedýär, üýtgeder, üýtgedipdir.