üýtgemek işlik

  1. Başga görnüşe girmek, üýtgeýşe sezewar bolmak, owalkydan başga hala geçmek, özgermek.

    • Artyk Babaly, döwür üýtgeýär -- diýip, men saňa aýtdym ahyry! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Zaýalanyp başlamak, harap bolmak.

  3. Bozulmak, erbetleşmek (howa hakda).

    • Şol günüň ertesi howa birden üýtgedi. (B. Gurbanow, Çarwa Mergeniň Gürrüňi)

  4. Kellesi aýlanmak, ýeldirgemek.