üýtgeşik

  1. Öňkülere meňzeş däl, beýlekilerden tapawutly, başga hili.

    • Aýu, ynha Annagulam gelýär, bolup gelş-ä üýtgeşik, gör, nämä begenip, ýylgyryp gelýärkä? ! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  2. Örän täsin, aýratyn, geň.

    • Myraly ol gyzda üýtgeşik bir syr baryny aňlap, Soltansöýne göz ümläpdir. (Myraly)

    • Ol şu sözleri aýdýarka, bir hili üýtgeşik hereket etdi. (A. Gowşudow, Eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem üýtgeşik - üýtgeşigi.