üýrmek işlik

  1. Haw-haw etmek, hawwuldyly ses etmek, hawlamak (it hakda).

    • Bally molla boýny zynjyrly özüne üýrüp duran ak iti gördi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Itimiz üznüksiz üýrýärdi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

    • It üýrer, kerwen geçer. (nakyl)

  2. Göçme manyda Biderek ýere birine sesli azgyrylmak, sögmek.

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem üýrmek - üýrdüm, üýrdüň, üýrüpdir.