üçin sözsoňy kömekçisi

[üçi:n]

Grammatik termin «Sebäpli, görä, ugrunda» ýaly many aňladýan sebäp hem maksat bildirýän söz-soňy kömekçi.

  • Onuň bir daban ýeri üçin men janymy bermäge häzir. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Salgyt tölemek üçin puly nireden tapaýyn. (A. Gowşudow, Powestler We Hekaýalar)