öwrenişmek işlik

  1. Endik etmek, türgenleşmek.

    • Emma ol bu ýagdaýa tiz öwrenişdi. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

    • Öwrenişen ýagy uruşmaga ýagşy. (nakyl)

  2. Ysnyşyp başlamak, ysnyşmak.

    • Röwşen az günüň içinde adamlar bilen öwrenişip, gep-söz öwrenmäge başlady. («Görogly» eposy)

    • Biz onuň bilen öwrenşipdik. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  3. Uýgunlaşmak.

    • Kynçylyklar bilen öwrenişmeli bolýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)