Öwgä, tarypa mynasyp, taryp edip bolarlyk.
Ýeke-ýekelikde işlemek o diýen öwerlik däldi we kynrak düşýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Onuň ýüzüniň hyrsyz bolşy ýaly, häsiýeti hem öwerlik däldi. (G. Gurbansähedow, Ýürek daş däl)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem öwerlik - öwerligi.