öwüt ö‧wüt

Berilýän maslahat, nesihat, ündew, akylly, manyly aýdylýan söz.

  • Onuň dostlarça öwüdi meniň depämi göge ýetirerdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem öwüt - öwüdi.

öwüt bermek

Akyl öwretmek, maslahat bermek, nesihat bermek.

  • Ýaş oglanlara öwüt bermek.


Duş gelýän formalary
  • öwüdi
  • öwüdiň
  • öwütden
  • öwütler
  • öwütlerdir
  • öwütleri
  • öwütlerine
  • öwütleriniň