öwüsmek ö‧wüs‧mek işlik

  1. Öňüni atyp ýöremek (at hakda).

  2. Öwüsgin bolmak, ýel gelmek, mylaýym şemal turmak.

    • Bu ýerde hemişe öwsüp durýan syrgynly ýel güýjäp başlady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Ýuwaşja öwüsýän şemal otlaryň ýakymly ysyny getirýärdi. («Mydam taýýar» gazeti)

  3. Her hili görnüşe geçip durmak. Dürli reňkde öwsüp durmak, öwşün atmak.

    • Onuň gyzgylt öwüsýän al ýaňaklary solup ýüzi aksowult, pakgylaç görünýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Tomsuň jöwzasynda-da elmydam gök öwsüp oturan gür tokaý hem şu mahal bir hili reňk açyp, ýaldyrap ýaşyl öwüsýärdi. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar ü çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem öwüsmek - öwser, öwsüpdir.

her hili öwsüp durmak

Belli bir pikirde bolman, üýtgäp durmak.


Duş gelýän formalary
  • öwseli
  • öwsen
  • öwsende
  • öwsenim
  • öwsenokdy
  • öwser
  • öwserdi
  • öwsesi
  • öwsüp
  • öwsüpdir
  • öwsüpdir-de
  • öwüsdi
  • öwüsgin
  • öwüsmegi
  • öwüsmegine
  • öwüsmek
  • öwüsmeli
  • öwüsmezmikä
  • öwüsmeýän
  • öwüsmeýär
  • öwüsmeýärdi
  • öwüsmäge
  • öwüsmän
  • öwüsmändi
  • öwüsse
  • öwüsseň
  • öwüssin
  • öwüsýän
  • öwüsýän-de
  • öwüsýändigini
  • öwüsýäni
  • öwüsýänini
  • öwüsýänler
  • öwüsýänlere
  • öwüsýänligi
  • öwüsýär
  • öwüsýärdi
  • öwüsýärler