öwüsgin

  1. Çala öwüsýän şemal, kä güýjäp, kä peselýän ýel, mylaýym ýel.

    • Bulutsyz tämiz howada azajyk öwüsgin bardy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Azajyk öwüsgin-de turup başlady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Birsydyrgyn gidiş, ýöriş.

    • Ak şorlugyň bir çetinden gelip girene çenli, alaşa özüniň öwüsginini gowşatmady. (G. Gurbansähedow, Ýürek Daş Däl)

  3. Dürli öwüsýän, öwşün atýan reňk.

öwüsgin atmak

Dürli görnüşe girmek, her hili öwsüp görünmek.