öwürmek işlik

  1. Yzyna aýlamak, yzyna gaýtarmak, bir tarapdan beýleki tarapa dolamak.

    • Kakasy bilen ejesi ýüzlerini öz tamlaryna baka öwrüp oturdylar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  2. Bir ugra ýüzlendirmek, bir tarapa gönükdirmek.

    • Türkmen pulemýot komandasy söweşiň iň gyzgalaňly wagtynda öz pulemýotlaryny aklara bakan öwürdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  3. Bir görnüşden başga bir görnüşe geçirmek, öňki görnüşini üýtgetmek, täze görnüşe salmak.

    • Garagum kanalynyň suwy meýdany lälezarlyga öwürjek. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

    • Ol maşyn agajy kagyz topbagyna öwürdi. («Mydam taýýar» gazeti)

  4. Daşyna aýlamak, daşyna oramak.

    • Aýagynyň sargysyny ýene bir gezek öwrüp deňdi.

  5. Bir ýüzünden ikinji ýüzüne agdarmak, düňdermek.

    • Kerpijiň ol ýüzüni öwür!

  6. Göçme manyda Alyş-çalyş etmek, söwda etmek.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar ü çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem öwürmek - öwrer, öwrüpdir.

ýüz öwürmek

seret ýüz1