öwünmek işlik

Öz-özüňi öwmek, öz-özüňi taryp etmek, magtanmak.

  • Ol derrew özüniň ýerliksiz öwnenine bir hili boldy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar ü çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem öwünmek - öwner, öwnüpdir.