ötmek işlik

  1. Geçip gitmek, gapdalyndan, üstünden geçmek.

    • Ýetip hem durmadym, duşundan ötdüm. («Tokmak» žurnaly)

    • Agaryp ýatan medanyň üstünden öten badymyza ýaşaýyş jaýlary göründi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Geçmek (wagt hakynda).

    • Ýene bir ýyl ötensoň, men hem mekdebe gitjek. («Mydam Taýýar» gazeti)

  3. Ozup geçmek, öňe geçmek, ýeňmek, ozmak.

  4. Satyn alynmak, satylmak, geçmek.

    • Harytlaryň ötmän galjagy ýok.

  5. Göçme manyda Ýaşap geçmek, ölüp gitmek.

    • Danteniň gumanizmiň öň ýanynda ötüp geçen adamdygy bildirip dur. (Orta Asyrlar Taryhy)

  6. Bedene ýiti täsir etmek, awuşatmak, agyrtmak.

    • Sogan arassalanyňda göze ötýär.

    • Göze guýlan derman ötýär.

    • Ýod ýara ötýär.

  7. Günäsini geçmek, bagyş etmek, ýazygyny bagyşlamak.

  8. Kesip bilmek, gowy kesmek (Palta, pyçak we ş. m. hakda).

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem ötmek - ötdüm, ötdüň, ötüpdir.

dişiň ötmek

seret diş

  • Seniň oňa dişiň ötmek, şu aýdan sözleriňi ýanynda aýdyp hem bilmersiň.

dünýäden ötmek

Aradan çykmak, wepat bolmak, ölmek.

  • Şähere bu salkyn kölegeli bagy beren bagdan bir wagt dünýäden ötdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

sözüň ötmek

seret söz

  • Sözüň ötjek adamlar bilen gürleş! («Sowet edebiýaty» žurnaly)