ötgür öt‧gür

  1. Kütek däl, gowy kesýän, ýiti, kesgir.

    • Bir ötgür byçgyny alýar. («Pioner» žurnaly)

  2. Göçme manyda Ýiti manyly, berk täsir ediji, degerli (söz, derman we ş. m. hakda).

    • Özleriniň ötgür sözlerini duşmanyň garşysyna gönükdirdiler. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  3. Göçme manyda Içiňden geçip barýan, ýiti.

    • Ötgür aýaz.

  4. Göçme manyda Gowy görýän, ýiti.

    • Ol ötgür gözlerini maňa dikdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

ötgür germek

Ýiti täsir etmek, örän gynandyrmak.

  • Parahat oturan ilatyň üstüne ganym duşmanlaryň wagşylyk bilen çozmagy we dynç oturan halky gyrana salmagy örän agyr, aýallara has hem beter ötgür berýärdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)


Duş gelýän formalary
  • ötgürligi
  • ötgürligini
  • ötgürlik
  • ötgürliligi