öte hal

Çakdanaşa, hetdenaşa, artyk, beter, aşa, gaty.

  • Artyk ondan hem öteräk gygyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Güýçden öte güýç bardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

öte düşmek

seret öte geçmek

  • Geliň faktdan öte düşmezlik üçin, olary barmak başyp sanalyň. («Tokmak» žurnaly)

  • Nury diýer sözüm lap däl, eý eziz dostum. Ata! Nähili taryp etsem, düşmerin asyl öte! (Nury Annagylyç, Saýlana eserler)

öte eşitmek

Nädogry eşitmek, ýalňyş eşitmek.

  • Men onuň bu soraglaryny öte eşitdim. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

  • Öte eşiden öý ýykar, çala eşiden --çatma. (nakyl)

öte geçmek

Hetden aşmak, çenden çykmak, gereginden artyk gürlemek ýa-da hereket etmek.

  • Hoşgeldi bu gürrüňlerden Çary aganyň gazanylan üstünlige aşa buýsanç, öte geçmeýänini aňlady. (A. Gowşudow, Köpetdagyn eteginde)

öte gitmek

seret öte geçmek

  • Öte gitseň ökünersiň. (nakyl)