ötürmek işlik

  1. Geçirip goýbermek, üsti bilen ýa-da içi bilen äkitmek.

    • Harytlary Russiýanyň içinden ötür-de, Ýewropa ýetir. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  2. Bir zadyň içinden geçirmek.

    • Ol ertir irden ejesi we kakasy bilen hoşlaşyp, düwünçekli ýaglgyna taýagy ötürip egnine atdy-da, Gyzyl Goşun gullugyna kabul edilýän punkta ugrady. (A. Durdyýew, Saýlanan Eserler.)

  3. Bir zada ikinji bir zady geýdirmek, ildirmek.

    • Barmaklara ýüzük ötürmek.

  4. Belli bir wagty geçirmek.

  5. Iş başarjaňlyk we ş. m. taýdan birinden artdyrmak, öňe geçmek.

    • Elbetde degýär, ýoldaş Sähedow! Ogul öz kakasyndan ötürip barýar. (G. Muhtarow, Pesalar)

göz öňünden ötürmek

seret göz

  • Geljekleriň göz öňünden ötürip, Gürrüň-durmuş gurmaklyga ýetişdi. (R. Seýidow, Bagtlylar)