Haýatyň, diwaryň aşagynda goýulýan geçelge, sümelge, suw akar ýaly deşik.
Öň ýanyndaky suw geçýän kiçijik ötükden iňňildi sesi Merediň gulagyna ildi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Bu baga suw akyp girýän bir ötük bardy. («Görogly» eposy)
Olar garaňky ötükden çykdylar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ötük - ötügi.