ösmek işlik

  1. Gögerip boý atmak, boýy uzalmak, ýetişip barmak (ekerançylyk, bagçylyk, we ş. m. hakda).

    • Gün gyzyp başlaly bäri ekinler gowy ösýär.

  2. Terbiýelenip ýetişmek, terbiýelenmek (Adam hakda).

  3. Güýçlenmek, kuwwatlanmak, berkemek.

  4. Kämilleşmek, ýaýbaňlanmak, giňelmek.

  5. Düşünjäň artmak, düşünjeli bolmak.

  6. Göçme manyda Derejäň galmak, ýokary wezipä geçmek.

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem ösmek - ösdüm, ösdüň, ösüpdir.