[ö:rmek]
Ýörite çiş ýa-da maşyn arkaly ýüplükden, erişden we ş. m. önüm taýýarlamak.
Täze awtomatyň oturdylmagy jorap örmekde öndürjiligi ýokarlandyrmagy üpjün etdi. («Sowet Türkmenistany» gazeti)
Saçy ýada käbir ösümlikleriň baldaklaryny biri-biriniň içinden geçirip birleşdirmek, işmek.
Mele saçyny örüp ýeňsede düýrläp, Rus aýaly otyr oglun gujaklap. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Biri-biriniň üstünde tertipli goýup galdyrmak.
Eýýäm 10 müň sany kerpiç örüpdirler. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.
Meselem örmek - ördüm, ördüň, örüpdir.
[ö:rmek]
Gögerip başlamak, gögerip çykmak (ot hakda).
Bahar gelip ot örende, Gür tokaýda döwran sürer. («Mydam taýýar» gazeti)
Ýazyň şemaly ýaňy oren gök otlaryň, ýowşanlaryň ysy bilen ösýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Tüý çykmak.
Onuň kellesine täze ören selçeň gara tüýleri, onuň ýüzüni öňküsinden biraz üýtgeden ýalydy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Ýalangaç eňegine bolsa iýmeşik gara gyllar örüpdir. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Bedende herhili düwürtik peýda bolmak.
Çaga gyzamyk çykanda, bedenine örgün örýär.
Köplük bolup aýaga galmak, birden turup gitmek.
Mugallym turanda, okuwçylar-da ördi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Eziz laňňa galdy. Töweregindäkiler hem ördüler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Birlikde ukudan turmak, oýanmak; turmak.
Niçik? Sag-aman ördüňizmi? («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.
Meselem örmek - ördüm, ördüň, örüpdir.
Bir maşgalada ýaşamak, bir öýde ýaşamak durmuş gurmak.
Eger Aýna-da Artyk bilen bir öýden örse, onda onuň dünýäde kemi galmakjakdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)