örküç

  1. Düýäniň arkasynyň tüňňi ýeri.

    • Ýükçi arwanalaryň ýük çekmeden ýaňa örküjiniň gapdallary ýagyr bolardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  2. Dagyň we ş. m. depesi, beýik ýeri, geriş.

    • Dag örküçlerinden ýaňy saýlanan Gün, özüniň şöhlesini äleme bolluk bilen ýaradyp başlady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  3. Göçme manyda Bir döwrüň wagtyň, paslyň ýa-da wakanyň ortasy, aýgytly wagty.

    • Ýanwar aýy gyşyň örküji hasaplansa-da, örän maýyldy. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem örküç - örküji.