[ö:ri]
Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar i çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp ü ýazylýar.
Meselem öri - örüde, örüler, örüsi.
Çaganyň oýun bilen gyzyklanyp, özüniň azaryny ejesinden sowmagy.
Ýaş owlak-guzularyň, köşekleriň otlamaga gitmegi.
Dünýäsi giňemek, gatnaşyk edýän ýeriň artmak, ýaýnamak.
Mehinliniň örüsi giňemek bilen, onuň durmuşa bolan talaby-da artdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)