ördekburun at

[ö:rdekburun]

Zoologiýa Awstraliýada ýaşaýan, burny ördegiň burnuna meňzeş we ýumurtga guzlaýan haýwan.

  • Ördekburun hem-ä Awstraliýada hem-de Tasmanýada duş gelýär. («Mydam Taýýar» gazeti)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar. Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem ördekburun - ördekburnum, ördekburnuň, ördekburny.