ördek at

[ö:rdek]

Zoologiýa Köplenç suwda ýaşaýan ýasy çüňkli, gysga aýakly guş.

  • Deňiz aýlaglarynda ördeklere duş gelinýär. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

  • Deňizdäki mawy suwlary gördük, Köllerdäki ördek, guwlary gördük. («Pioner» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ördek - ördegi.