örüzmek işlik

[ö:rüzmek]

  1. Ürküzip uçurmak, ürküzmek.

    • Bilbiliň örüzdim bagyndan, Dolandym soly-sagyndan. («Görogly» eposy)

  2. Aýaga galdyrmak, ör turuzmak, turuzmak.

    • Pökgeniň öýündäki oturanlary örüzen hem şu adamyň mojuk sesidi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  3. Ukudan turuzmak, oýatmak, oýandyrmak.

    • Turan galmagal ýatanlary örüzdi.

  4. Göçme manyda Üstüne çozdurmak, küşgürmek.