[ö:r]
Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.
Meselem ör - örüm, örüň.
Oturan ýeriňden dik galmak, dik durmak, ýokary turmak.
Onuň maşgalasy ör turdy. («Bahar»)
Meni görüp garry ör galdy. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)
Zöwwe turmak, çalasynlyk bilen ýeriňden turmak.
Oň hatarda oturan oglanlar ör boýlaryna galdylar. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)
Oslamadyk, çak etmedik zadyň üçin gaty geň galmak.
Birden saçagy görüp, Geldi aýal ör-gökden. («Mydam Taýýar» gazeti)