önmek işlik

[ö:nmek]

  1. Öndürijilikli bolmak, öndümli bolmak, köpelmek.

    • Niçik, küýzejikler önýärmi! ? («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Hasyl bolmak, önüm peýda bolmak, emele gelmek, bitmek.

    • Bize ýerden önýän zadyň hemmesi zerur. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Goý, üstüňden çaglar aksyn, Gün düşmeýän baglar önüp. (R. Seýidow. Bagtlylar)

  3. Nesil döremek, nesil artmak.

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem önmek - öndüm, öndüň, önüpdir.