ömürlik

  1. Ömür baky, hemişelik, mydamalyk.

  2. Göçme manyda Berk, pugta, gaýym, makäm.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ömürlik - ömürligi.

ömürlik ýoldaş

seret ýoldaş

  • Mollanepes Bossantäç atly gyzy söýüp we onuň bilen ömürlik ýoldaş bolupdyr. («Edebiýat»)