Biriniň ýa-da bir zadyň ýaşaýyş döwri, ýaşaýyş müddeti.
Gajar aga, ömrüň uzak bolsun! (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Aýna-da Artygyň ömri barada az oýlanmaýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Meniň atam hem ömrüni bagbançylyk bilen geçirdi. (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Bagbanyň gyzy)
Jan, jeset.
Göçme manyda Hemişe, mydama, elmydama.
Ol ömür maňa sögüp ýör. («Pioner» žurnaly)
Ýolka ömür solman oturýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar ü çekimlisi düşürilip ýazylýar. Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.
Meselem ömür - ömrüm, ömrüň, ömri.
Biriniň köp ýaşamagyny arzuw edip alkyş hökmünde ýüz tutulyp aýdylýan söz.
Horluk, kynçylyk bilen durmuşyňy geçirmek.
Biri üçin köp jepa çekmek, köp ýyllar bir zadyň aladasynda bolmak.
Arap sopulary ýaly uzyn köýnegiň bilen sülpüldän meniň gül ömrümi kül etdiň. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Ömrüniň durmuşynyň bütin dowamynda, mydama, hemişe.
Onuň aýdany meniň ömür baky ýadymdan çykmaz.
Durmuşyň lezzetini görmek, ýaşamak.
Ýaşaýyş durmuşyny gutarmak, öldürmek.
Näzik bedeniňe hanjary urup, ömür tanapyňy ýoldy-da gitdi. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)