ölmek işlik

  1. Ýaşaýyşdan mahrum bolmak, dünýäden ötmek, wepat bolmak, aradan çykmak, ýogalmak.

    • Pýotrs meni taşlaň, başyňyzy gutaryň, ikimiz bile ölmäli! (A. Gowşudow, Eserler)

    • Iki at depişer, arasynda eşek öler. (nakyl)

    • Ölme eşegim ýaz geler, ýorunja biter. (nakyl)

  2. Ýok bolup gitmek, dowam etmegi kesilmek, bes etmek, ýitip gitmek.

    • Näme üçin biziň käbirlerimiz bir eýýäm ölüp giden adaty süreýäris. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  3. Göçme manyda Solmak, guramak (ösümlik hakda).

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem ölmek - öldüm, öldüň, ölüpdir.