Demir ýoly basyp, şähere geçilýän uly ýoluň gapdalynda öli göwre asylgy durdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Öli arslandan bir syçan ýagşydyr. (nakyl)
Öleniň meýdi.
Gabryň başynda öleniň üstüne kesilen zatdan hem oňa iki esse paý berýärler. (N. Pomma, Egri eýikmez)
Öli aýatdan doýmaz, diri hezzetden. (nakyl)
Göçme manyda Hereketsiz, biderek, peýdasyz.
Şol gözel görnüşi öli ruhlary-da jana getirdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar i çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp ü ýazylýar.
Meselem öli - ölüde, ölüler, ölüsi.
seret reňk
Madyr işanyň ýüzüne öli reňki urdy, özüni tutup bilmän titredi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Kesel ony ýaman horlapdyr, ýüzüne öli reňki urupdyr.
seret sargyt
Men ol Eşrebe öliň sargydyny soradym, atamyň ogla bolan mähri bilen ýalbardym. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
seret sorag