Ýaşaýşyň gutarmagy, wepat boluş.
Ölümden gutaran bu mert aýal. Näçe esger «uýam» diýip söz açypdyr. (A. Atajanow, Iki poema)
Gepleşik dili «Zäher, ajal» diýen manyda ulanylýan gargyş söz.
Saňa bir ölüm!
Sudýaň ýokary hökümi, atuw jezasy.
Aklaryň harby ştaby şol günüň özünde oňa ölüm jezasyny berenini mälim edipdirler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ýaşaýyş üçin howply ýagdaý; örän aýyp, masgaraçylykly.
Sudlaryň öňünde kelläňi ýalaňaçlamaklyk ölümiň gyrasy bir iş. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Kynçylykly, kyn agyr.
Güýç bilen, örän kynlyk bilen, azap bilen, zordan.
Agyr syrkaw ýatmak, ölüm halynda ýatmak.