ölügsilenmek işlik

  1. Ölügsi bolmak, ýagtysy azalyp başlamak, şöhlesi öçüp başlamak.

    • Asmanyň ýiti ýyldyzlary kem-kemden ölügsilenip, gündogardan göterilen daň şapagy dünýä ýüzüne çalymtyl çäkmen bolup çaýylýardy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  2. Öçügsi bolmak, tutuk bolmak (reňk hakda).

  3. Göçme manyda Şöhlesi gitmek, nury gaçmak, kütelmek (göz hakda).