Ýagtysy az bolan, çala ýagty berýän, çalaja ýanýan.
Buludyň ýokarsyndan düşýän Aý nury, ölügsi, çalaja görünýär ýerde. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Ojak başynda ýanyp duran onluk çyranyň ölügsi ýagtysy tamyň dört burçuna özüniň sarymtyl şöhlesini uzazdyp, tamyň içindäki bar zatlary görkezýärdi. (K. Işanow, Watan üçin)
Öçügsi, tutak (reňk hakda).
Göçme manyda Şöhlesi giden, nury gaçan, kütelen (göz hakda).
Olaryň ölügsi göreji ýaşy tükenen agyly gözleri ýada salýardy.