ölüşmek işlik

  1. Urşup biri-biriňi öldürmek, gyrlyşmak.

    • Ölüşeris weli, şu tümmeg-ä bermeris! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  2. Dawa-jenjel etmek, basa-bas guramak, dawalaşmak, jenjelleşmek.

    • Men ölmeli bolsa ölüşerin. («Pinoer» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar ü çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem ölüşmek - ölşer, ölşüpdir.