Ölçegini kesgitlemek, çekdirmek, ölçäp mukdaryny bildirmek.
Men oglumyň agramyny ölçetdim.
Bir zat tikdirmek üçin ölçegini aldyrmak.
Kostýum ölçetmek. Mata ölçetmek.
Göçme manyda Bir mesele barada oýlandyrmak, pikir etdirmek.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ölçetmek - ölçedýär, ölçeder, ölçedipdir.