ölçemek işlik

  1. Ölçegini kesgitlemek, agramyny, uzynlygyny we s. m. bilmek, kesgitlemek, çekmek.

    • Onuň agramyny ölçemäge şu älemiň daglarynyň başlary-da ýetmejek ýalydy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar.)

    • Tehnik çeşmäniň çuňlugyny ölçedi. («Pinoer» žurnaly)

  2. Göçme manyda Bir zat barada pikirlenip, aýlanyp görmek.

    • Ölçäp, biçip, belki-de meni suda bererler. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Ýedi ölçäp, bir kes. (nakyl)