Dabanyň yzky tarapy, dabanyň topukdan aşaky etlek ýumşak bölegi.
Meýlin meýle gatypdy. Deň gopýardy ökjeler. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Aýakgabyň yz tarapyny beýik etmek üçin podoşa berkidilýän galyň teletin ýa-da rezin bölekleri.
Men ýaş wagtymda oňat eşikler we ökjesi beýik köwüşler geýip işe gidenimde, gabanyp öläýjek bolýardyň. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Aýagaldygyna gaçmak, ylgap gitmek.
Gözel öýlerine baka ökjäni göterdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Guýdurman gaçmak, görünmän gaçyp gitmek; Yza galyp başlamak beýlekilerden haýal ýöräp başlamak.
Wüşi kel ädim ätmegini haýalladyp, ökje ogurlamaga jan edýar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Hiç bir hili aladasy bolmadyk, bir zadyň keýpine düşen, öz durmuşyndan göwni hoşal keýpi saz.
Çalt ýöremek.
Şähdi açylmak, süňňi ýeňlemek, wagtyhoşluk.
Onuň ökjesi ýeňledi.
Bir zada begenip şadyýan gezmeklik, çalasyn hereket etmeklik.
Yzyndan kowalamak, yzyndan syn edip barmak.
Gyzyl esgerler olaryň ökjelerine düşdüler. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)