ödetmek işlik

[ö:detmek]

Öňünde goýan maksadyny, niýetini ýerine ýetirtmek, hötde geldirtmek.

  • Ol hut öz maşynynyň hem bökdençsiz işlemegini talap etdi we özüniň şol talabyny oňa ödedip bildi. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ödetmek - ödedýär, ödeder, ödedipdir.