öňürtmek işlik

  1. Bir zady beýlekilerden öň etmek, başgalardan öňünçä etmek.

    • Ýetginjekler hoşlaşyp, biri-birinden öňürtjek bolup, ýerli-ýerden gepläp başladylar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Pagta planyny doldurmakda öňürtmek.

  2. Öň gelmek ýa-da öň bakmak.

    • Ol menden öňürtdi.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem öňürtmek - öňürdýär, öňürder, öňürdipdir.