öň

  1. Bir zadyň ýüz tarapy, alyn tarapy.

  2. Öňki wagtlar, ozal, öňürti, başda.

    • Şu teklip, şu pikir mundan bir hepde öň bolan bolsa bolmaýarmy? (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Sen maňa öňler doganym diýýär diňle? ! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Öň gelen orun alar. (nakyl)

    • Öň degen ýumrugyň täsiri artyk. (nakyl)

    • Öňüm gelenden, soňum gelsin. (nakyl)

  3. Kömekçi söz rolunda: Äpişgäniň öňünde. Märekäniň öňünde.

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.

Meselem öň - öňüm, öňüň.

öň ýeten

Her bir gelen, özüňçe bar-ýok, bolar-bolmaz, bolgusyz (adam hakda).

  • Her bir öň ýeten bilmeýän zadyny bilýän diýip otursa gaty gelşiksiz bolýar.

öňde baryjy

Işde, zähmetde görelde gözkeziji, zarpçy.

  • Şahyryň tankydy esasynda ýaltalaryň arasyndan öňde baryjy kolhozçylar hataryna geçenleri hem boldy. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

öňe düşmek

Ýol görkezmek, ýolbaşçylyk etmek.

öňe seretmek

Geljegi göz öňüne tutmak.

öňe sürmek

Işi janlandyrmak güýçli depgin bilen alyp barmak.

öňüni almak

Bir zadyň bolmagyna ýol bezmezlik, bir zatdan saklamak degişli çäre görmek.

  • Urşuň öňüni alyp bolar we onuň öňüni almak gerek.

  • Suwuň bisarpa tutulmagynyň öňüni almak gerek.

öňüni başlamak

Bir işe ilkinji bolup girişmek, başyny başlamak.

öňüni kesmek

Biriniň ýa-da bir zadyň ýolunu bölmek, ýoluny beklemek..