Birini öýkeli ýagdaýda goýmak, biriniň göwnüne degmek, öýke-kine etdirmek.
Aýnany gabanjaňlyk atyna mündiren, ynjydan, Artykdan öýkeleden, elbetde, şol ýagdaýdyr. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Biderek zat üçin öýkeletmek.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem öýkeletmek - öýkeledýär, öýkeleder, öýkeledipdir.