öýkünmek işlik

  1. Bir zady bir nusga boýunça etmek, biriniň eden zadyna meňzedip etjek bolmak.

  2. Birine meňzejek bolmak, başga biriniň bolşuny özüne meňzedip etmek.

    • Mekdepden biri oňa öýkünip gygyran ýaly bolup eşidildi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Wäşi adama öýkünmek.

    • Birine öýkünip gürrüň etmek.

agza öýkünmek

seret agyz

  • Pökgen ogly agzyna öýkünýändir öýdüp, hiňlenmesini tapba goýdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)


Duş gelýän formalary
  • öýkündi
  • öýkünerdi
  • öýkünip
  • öýkünipdirler
  • öýkünjek
  • öýkünme
  • öýkünmegi
  • öýkünmegin
  • öýkünmeginiň
  • öýkünmegiň
  • öýkünmek
  • öýkünmekdir
  • öýkünmeklige
  • öýkünmekligi
  • öýkünmekligine
  • öýkünmekligiň
  • öýkünmeklik
  • öýkünmeler
  • öýkünmeleri
  • öýkünmeleriň
  • öýkünmeli
  • öýkünmelidir
  • öýkünmelimi
  • öýkünmesi
  • öýkünmesidir
  • öýkünmezdiň
  • öýkünmezlik
  • öýkünmäge
  • öýkünmäge-de
  • öýkünmän
  • öýkünmäni
  • öýkünmäniň
  • öýkünýän
  • öýkünýänler
  • öýkünýär
  • öýkünýärler