seret sönmek
Köremesi galandan soň körügiň üstünde duran kömrüň ýylpyldylary öçüp, üýşmejik gara bolup galypdy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Çilimleriniň heniz ody öçmänkä, polk komandiriniň adýutanty Kolosowy çagyrdy. (K. Işanow, Watan üçin)
Ody gozgasaň-öçer, goňşyňy gozgasaň-göçer. (nakyl)
Hereket etmekden galmak, durmak, sönmek (maşyn, motor barada).
Görünmez bolmak, süpürilip aýrylmak.
Ýazylan hat öçüpdir.
Geplemäňi bes etmek, lal bolmak, sesiňi kesmek.
Öç gygyrma, aýryl, ýapyşma, gapyny ýap! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.
Meselem öçmek - öçdüm, öçdüň, öçüpdir.
Öçügsi bolmak, solmak (reňk barada).
Bu matanyň reňki öçüpdir.
Ganyň gaçmak, agarmak.
Ol adamynyň reňki öçüp, ýüzi ak tam boldy. (A. Gowşudow, Eserler)