öçürtmek işlik

  1. Ýanmasyny bes etdirmek, söndürmek.

    • Ojakdaky ody öçürtmek.

  2. Bir zadyň ýöremesini saklatmak, ýatyrmak, duruzmak.

    • Işläp duran motory öçürtmek.

  3. Süpürdip aýyrtmak, bozdurmak.

    • Tagtada ýazylan hatlary öçürtmek.

  4. Üstünden çyzdyrmak, çyzyk çekdirtmek.

    • Gaty gitme, spisokdan adyňy öçürderin. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Gaty gitseň, beýlekileriňi hem öçürderin. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem öçürtmek - öçürdýär, öçürder, öçürdipdir.