öçürmek işlik

  1. Ýanmasyny kesmek, söndürmek.

    • Ýeri, çyrany öçür-de ýeriňe girip ýat! (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Eli bilen ýeri peşäp oduň üstüne gum sowurdy, Çüýşegöziň ýakan oduny zordan öçürdi. (A. Gowşudow, Eserler)

  2. Bir zadyň hereketini duruzmak, ýatyrmak (maşyn, motor barada).

    • Kyran işlediji bada-bat motory öçürdi. («Pioner» žurnaly)

  3. Sürtüp aýyrmak, bozmak (hat, tekst hakda).

    • Bu ýazanlaryňy öçür-de täzaden ýaz!

  4. Üstünden çyzmak, çyzyk çekmek.