[ö:ç]
Birinden bolan ar, birine bolan gahar-gazap duýgusy.
Taýýardy ol şol zaman, Şol kasam, şol öç bilen. («Mydam taýýar» gazeti)
Söweş bilen geçdi gyş bilen ýardan, Ýüreginde öji joşduryp diňe. (K. Işanow, Watan üçin)
Duşmanlyk, terslik, jetlik.
Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar. Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem öç - öjüm, öjüň.
Birinden ar almak hem aryňy almak üçin birine ýamanlyk etmek.
Adamlaryň ýüreginde faşist-ganymlardan öç almak hyjuwy joşdy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)