çyzmak işlik

  1. Çyzyk çekmek, çyzyk geçirmek.

    • Ol galamyny pugta basyp durdy-da, kese çyzyk çyzdy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  2. Bir zadyň çyzgysyny, şeklini çekmek.

  3. Göçme manyda Sypjyryp yz galdyrmak, ýaralamak.

    • Myradyň bolsa bileginden bir-iki ýerini çyzypdyr. (A. Gowşudow, Powestler)