çyrpylmak1 işlik

Ujundan, ýokarsyndan kesilmek, kesilip aýrylmak.

  • Ujy çyrpylan sakgally eňegini daňdy. (A. Gowşudow, Eserler)

  • Ol näçe gowaça otalaýarka, ujy çyrpylýarka gaýra durmady. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

çyrpylmak2 işlik

Ýuwlan kir ahyrky gezek arassa suwa durlanmak, suwa sokulyp çykarylmak.

  • Suwa çyrpylan geýimleri aýry goýaý!