çyrpy

  1. Ýeňlenilmän kellä atylýan, hemme ýeri keşdeli aýal geýimi.

    • Sary keteniden «şetdaly gül» nagyşly çyrpy edindim. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  2. Ujy inçelip gidýän ýüp, gamçy we ş. m. zat.

    • Sary murty aşak sallanyp, sapanyň düýe ýüňünden edilen çyrpysy ýaly boldy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

    • Çopanyň elinde uzyn çyrpysy bardy.